Daşoguzyň “Çeper” tikinçilik fabriginde şu ýylyň geçen on aýynda 12 million 227 müň manatlyk haryt öndürilip, bellenilen ýyllyk meýilnama möhletinden öň ýerine ýetirildi.
“Daşoguz habarlary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, häzirki wagtda tikin fabriginde tikin önümleriniň 150 görnüşi öndürilýär. Olar içerki bazarlarymyzda uly islegden peýdalanýar. Edaralaryň iri sargytlary boýunça, mysal üçin harbylar, gurluşykçylar we beýleki pudak edaralary üçin egin-eşikler tikilýär.
Fabrikde ýokary öndürijilikli tikin maşynlarynyň hem-de Türkiýede, Hytaýda, Ýaponiýada, Germaniýada öndürilen enjamlaryň işledilmegi netijesinde tikilýän önümleriň görnüşleri hem artdyrylýar. Şu ýyl bu ýerde okuwçylar üçin torbalaryň we agyz-burun örtükleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Daşoguzyň “Çeper” tikinçilik fabrigi geçen ýyl 8 million 381 müň manatlyk önüm öndürip, ýyllyk meýilnamany wagtyndan iki aý öň ýerine ýetirdi. Häzirki wagtda fabrikde 200-e golaý işgär zähmet çekýär.