“Türkmendemirýollary” agentliginde şenbe güni Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýerkbulan Sapiýew we “Gazagystan Demir ýoly Milli kompaniýasynyň” Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Çingiz Kakenow bilen onlaýn gepleşikler geçirildi.
“Türkmendemirýollary” agentliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, gepleşiklerde türkmen-gazak demirýolçularynyň öňünde durýan wezipeleriň, hyzmatdaşlyk meseleleriniň birnäçesine seredildi.
Şeýle-de “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça hereket edýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol ulag-üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmek, demir ýol ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmek babatda bolsa giň gerimli işleri geçirmek, demir ýol ulagy bilen daşalýan ýük dolanşygyny artdyrmak, konteýner gatnawlaryny köpeltmek üçin halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, üstaşyr geçýän ýükleriň mukdaryny has-da artdyrmak we olaryň geografiki çäklerini giňeltmek maksady bilen taraplar nyrh syýasatyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi Ýewraziýanyň möhüm ulag-üstaşyr halkasy hökmünde derejesiniň barha artýandygy bellenilip geçildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar “Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat” demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasynyň ähmiýetiniň uludygyna ünsi çekdiler we bu taslamany amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselelere garadylar.