Lebap welaýatynda aralyk ekinleriň hasyly ýygnalýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynda aralyk ekinleriň hasyly ýygnalýar
Şu ýyl Kerki etrabynda darynyň 200, ýer hozunyň-da 50 tonna golaýy öndürildi.

Lebap welaýatynyň daýhanlary şu ýyl bugdaý ýygnalyp alnandan soň ekilen 60 müň gektar ýerde ýetişdirilen aralyk ekinleriň bol hasylyny aldylar.

“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, şu ýyl welaýatda 10 müň gektardan gowrak ýere ekilen şalydan 49 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnaldy.

Ýetişdirilýän ekinleriň görnüşleri-de ýylsaýyn artdyrylýar. Bu ýerde dary, künji, ýer hozy ýaly ekinleriň-de meýdany barha giňeldilýär. Şu ýyl Kerki etrabynda darynyň 200, ýer hozunyň-da 50 tonna golaýy öndürildi.

Mundan başga-da, telekeçileriň gatnaşmagynda uzak ýaýlalardaky meýdanlarda birnäçe aralyk ekinleriň synag işleri geçirildi. Netijede, Kerki etrabynyň Gülüstan ýaýlasynda şu ýyl ilkinji gezek ekilen günebakar, künji, ak jöwen, şaly ýaly ekinlerden gowy hasyl alyndy.

Aralyk ekinler topragyň düzümini baýlaşdyryp, haşal otlaryň bitmezligine-de öz täsirini ýetirýär hem-de topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Bu ekinler esasan ýurdumyzyň Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynyň çäklerinde köp ekilýär.

2022