“Türkmenistan” banky “Owerdraft kartyny” ulanyşa girizdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan” banky “Owerdraft kartyny” ulanyşa girizdi
“Türkmenistan” banky “Altyn asyr” bank kartyny saklaýjy müşderilerine bank tarapyndan hödürlenilýän gysga möhletli karzlar üçin “Owerdraft karty” atly täze bank kartyny ulanyşa girizdi.

Türkmenistanyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Sanly özgertmeler müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltýär, şeýle hem banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.

“Türkmenistan” gazetiniň geçen penşenbe güni habar berşi ýaly, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky “Altyn asyr” bank kartyny saklaýjy müşderilerine bank tarapyndan hödürlenilýän gysga möhletli karzlar üçin “Owerdraft karty” atly täze bank kartyny ulanyşa girizdi.

Bellenilişi ýaly, “Owerdraft karty” nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende, müşderiniň “Altyn asyr” bank kart hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk halatynda, baglaşylan şertnama laýyklykda, onuň “Owerdraft kart” hasabyna kesgitlenen çäklerde awtomatik usulda gysga möhletli karzlary resmileşdirmäge mümkinçilik berýär.

Müşderiniň aýlyk zähmet haky geçýän “Altyn asyr” bank kart hasabyna serişde gelip gowşanda, bellenilen tertipde karz yzyna gaýtarylýar.

Şeýle hem, degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, “Owerdraft karty” hasabyna karzy gaýtadan ulanmak mümkinçiligi döredilen.

2020-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistanda bankomatlar, terminallar, Internet-bank, Mobil-bank, Elektron söwda ulgamlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,86 esse ýokarlandy.

2022