Ahalda täze guşçulyk toplumy işe girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahalda täze guşçulyk toplumy işe girizildi
Guşçulyk toplumynda bir tapgyrda 115 müň 500 broýler towuklaryny ýetişdirip, ýylda 720 tonna guş etini öndürmäge mümkinçilik bar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde sişenbe güni täze döwrebap guşçulyk toplumy açylyp, ulanmaga berildi. Bu barada “Ahal durmuşy” gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, telekeçi Topar Ataýewe degişli bolan döwrebap guşçulyk toplumynyň gurluşygy “Emir ogly” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. 4 gektar meýdanda gurlan toplumyň çäginde işgärleriň edara jaýy, towuk ketekleriň 9-sy, hojalyk serişdeleri üçin ammar, iým ammary, hojalyk desgasy, suw howdanlary, suw bekedi we beýleki kömekçi desgalar ýerleşýär.

Guşçulyk fermasynyň çägindäki desgalarda innowasion häsiýetli döwrebap tehnologiýalar oturdylandyr. Bu bolsa, guşçulyk toplumynda bir tapgyrda 115 müň 500 broýler towuklaryny ýetişdirip, ýylda 720 tonna guş etini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Kärhana azyk bazarlaryna hem-de ýurdumyzyň söwda nokatlaryna öz önümlerini “Dogan aý” haryt nyşany bilen ugradar.

Oba hojalygynyň özgerdilmegi bilen Türkmenistanda guşçulygy, maldarçylygy, et we süýt önümçiligini giňeltmek üçin şertler döredilýär. Telekeçiler bu pudaklary ösdürmek boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin ýyllyk 5 göterim derejesinde 10 ýyla çenli möhlet bilen ýeňillikli karzlary alyp bilýärler. Häzir ýurdumyz esasy azyk önümleri bilen özüni doly üpjün edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022