Türkmenistan-HPG: geljegi uly taslamalara maýa goýumlary çekmek meselelerine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-HPG: geljegi uly taslamalara maýa goýumlary çekmek meselelerine seredildi
Taraplar Türkmenistanyň we Halkara pul gaznasynyň özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdy Jepbarow bilen Natalia Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň arasynda penşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmeklige gönükdirilen, ikitaraplaýyn bähbitli, geljegi uly bolan taslamalara maýa goýumlary çekmek meselelerine, Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna ünsi çekdiler.

Şunuň bilen baglylykda, birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan gatnaşyklaryň netijeliligini aýratyn bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň we Halkara pul gaznasynyň özarabähbitli hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.

Halkara pul gaznasy ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar we durmuşa geçirilýän makroykdysady ähmiýetli özgertmeleri goldamak üçin tehniki kömegi berýär.