Türkmen hususy kompaniýalary “Fitch”-iň reýtingini almagyň mümkinçiliklerine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususy kompaniýalary “Fitch”-iň reýtingini almagyň mümkinçiliklerine seretdiler
“Fitch” reýtingi önüm öndürijileriň abraýyna oňyn täsir edýär we maýadarlary çekmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) wekilleriniň hem-de reýtingler boýunça agentlik hökmünde tanalýan ABŞ-nyň “Fitch Ratings Inc.” korporasiýasynyň konsultantlarynyň arasynda penşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

TSTB-niň saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşikleriň barşynda Birleşmäniň agzalary bolan hususy kärhanalar tarapyndan “Fitch”-iň reýtingini almak maslahatlaşyldy.

Korporasiýasynyň konsultantlary türkmen hususy pudagynyň işi we eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda taýýar önümi öndürmek esasy wezipe bolup durýandygy bellenildi. Hususan-da, täze azyk önümlerini öndürmekde ýöriteleşdirilen oba hojalyk önümlerini öndürijileriň mümkinçiliklerine hem-de karz serişdeleri bölünip berlen taslamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi.

Mälim bolşy ýaly, “Fitch”-iň bilermenleri dürli emitentleriň maliýe durnuklylygyny çuňňur seljerip, hususy maýa goýujylar üçin olaryň maliýe borçnamalaryna göterim tölemek ukyby barada netije çykarýarlar. Bu bolsa hususy maýa goýujylaryň işini aňsatlaşdyrýar.

“Fitch” reýtingi önüm öndürijileriň abraýyna oňyn täsir edýär we maýadarlary çekmäge ýardam berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022