Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 22 million 206 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.
“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň ýekşenbe güni habar berşi ýaly, daşary ýurt puluna Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri reňksiz aýnany, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Maltanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, awtomobil benzinini, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Şeýle-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtomobil benzini Owganystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Russiýanyň, BAE-niň we Türkiýäniň işewürleri ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.
Manat serişdelerine BAE-niň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Ermenistanyň telekeçileri jemi 22 million 132 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we elde dokalan halylary satyn aldylar.
Geçen hepdäniň dowamynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.