Aşgabat we Seul işewür gatnaşyklary ýola goýmagy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Seul işewür gatnaşyklary ýola goýmagy maslahatlaşdylar
Taraplar 2021-nji ýylda Seul şäherinde Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisini geçirmek baradaky meseleleri maslahatlaşdylar.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň duşenbe güni onlaýn görnüşinde geçirilen sekizinji mejlisinde giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýola goýlan, oňyn depgin bilen häsiýetlenýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Mejlisiň çäklerinde taraplar gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, gaz we nebithimiýa, himiýa pudaklarynda, elektroenergetikada, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarda ýerli çig maly gaýtadan işlemäge esaslanan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Koreý tarapyndan toparyň agzalary netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan milli we sebit ähmiýetli möhüm taslamalara has işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Şeýle hem geljegi uly birnäçe beýleki ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda, dokma senagatynda, aragatnaşykda, medeniýet, ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda, suw serişdelerini dolandyrmakda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy dowam etmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Taraplar ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny belläp, 2021-nji ýylda Seul şäherinde Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisini geçirmek baradaky meseleleri-de ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, yzygiderli esasda sergileri, maslahatlary, işewür duşuşyklary we forumlary geçirmek teklip edildi.

Onlaýn mejlise gatnaşyjylar gazanylan ähli ylalaşyklaryň iki döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köptaraply türkmen-koreý gatnaşyklaryny giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

2022