Türkmenistan-Russiýa: elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Russiýa: elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylarynyň – Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda çarşenbe güni onlaýn gepleşikleri geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, gepleşiklere Türkmenistanyň we Russiýanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi tassyklanyldy.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şeýle-de senagat hem-de maliýe-bank ulgamlaryndaky özara hereketlere seredilip geçildi. Geologiýa ulgamyndaky bilelikdäki işler dogrusynda hem gürrüň edildi.

Taraplar täze koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda ugurdaş edaralaryň arasynda tejribeleriň alyşylmagyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň gurluşynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde bilim ulgamyndaky özaragatnaşyklaryň derwaýys ugurlaryna seredildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisiniň wekilleriň özleriniň gatnaşmaklarynda geçirilmegine ynam bildirildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, şol gün Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady mümkinçilikleri ösdürmek maksady bilen, tehnologiýalary geçirmek we sanly ulgam barada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi.

Geçirilen gepleşiklere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň, Söwda senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şeýle hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda taraplar, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça, hususan-da, sanly kommunikasiýa we maglumat ulgamynda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşdylar.

2022