Türkmenistan we Hindistan işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Hindistan işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar
Taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň usullaryny we gurallary ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hindistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen penşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, gepleşiklere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň we onuň kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle hem gepleşiklere Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Widhu Pithambaran Nair hem-de Hindistanyň iri kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gepleşikleriň esasy meselesi iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda, ýeňil senagat ulgamynda, dokma we deri önümlerini ibermek babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň usullary we gurallary bilen baglanyşykly boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy we Hindistanyň Söwda-senagat edarasynyň Söwda komitetiniň ýolbaşçysy iki ýurduň wekiliýetlerini özleriniň ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň işi hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri bilen tanyşdyrdylar.

Taraplar özara haryt dolanyşygynyň mümkinçiliklerini has doly öwrenmek üçin şeýle işewürler çärelerini, bilelikdäki işewürler geňeşiniň mejlislerini onlaýn görnüşinde yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

Gepleşikleriň barşynda türkmen harytlarynyň: dokma, deri önümleriniň, türkmen halylarynyň we beýleki önümleriň eksportyny guramak barada gürrüň edildi. Ýurdumyzyň “Röwşen”, “Abadan haly”, “Muhammet-Balkan”, “Batly gadam” ýaly kärhanalarynyň wekilleri öz önümleri bilen tanyşdyrdylar.

Öz gezeginde hindi tarapy dokma hem-de deri senagatynda toplan baý tejribesi barada gürrüň berip, pudaklaýyn önümçiligi guramak hem-de çig maly we taýýar önümi ibermek ulgamynda özara gatnaşyklara taýýardygyny beýan etdi.

2022