Türkmenistan “Tatneft” bilen hyzmatdaşlygy dowam eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “Tatneft” bilen hyzmatdaşlygy dowam eder
Kompaniýa Goturdepede nebit guýularynda nebit çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Goturdepe nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky şertnama goşmaça ylalaşyk baglaşmak hakynda” Karara gol çekdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” kompaniýasy bilen şertnamanyň möhletini sekiz ýyl uzaltmak barada goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň baş maksady baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmakdan, nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin onuň önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, ýurdumyzyň ilatynyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

“Tatneft”-iň şahamçasy 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda hasaba alyndy. Şahamçanyň esasy iş ugry guýulary düýpli abatlamakdan, howdanlara basyş boýunça hyzmat ediş ulgamyny guramakdan we nebit desgalarynda awtomatlaşdyryş ulgamlaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

2022