Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler. Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp barýan işleri, türkmen tebigy gazynyň çykarylmagyny, gaýtadan işlenilmegini hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler, şeýle hem häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar barada hasabat berdi.
“Galkynyş” gaz känini özleşdirmek hem-de tebigy gazyň hem-de gaz kondensatynyň alnyşynyň mukdaryny artdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen birlikde, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzini öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny gurmak işleri amala aşyrylýar.
Bellenilişi ýaly, Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polietilen önümleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmek, satyn alynýan önümleriň importyny azaltmak üçin zawodyň çäginde izobutan öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we ony taýýar edip gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.
Soňra Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Döwran Çişiýew döwlet Baştutanymyza nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň sanly ykdysadyýete geçmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, TNGIZT-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Myratgeldi Meredowa söz berdi. Wise-premýer nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny we halkara tejribäni ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň, ony köpugurly esasda ösdürmegiň we döwrüň talabyna laýyk getirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz daşary ýurt maýalaryny çekmek, dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň ýolbaşçysy Merdan Annadurdyýewe ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň tehniki tükelleýiş işlerini geçirmegi tabşyrdy. Munuň özi toplumyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üpjünçiligini has-da döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Baş prokuror Batyr Atdaýewe ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljerme geçirmek tabşyryldy.