Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Ýylyň banky” baýragyny aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Ýylyň banky” baýragyny aldy
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyň 2019-njy ýylda arassa girdejisi 150%-e barabar bolup, 1-nji derejeli maýasy 112% ýokarlandy.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “The Banker” žurnaly tarapyndan türkmen banklarynyň arasynda iň gowy bank hökmünde ykrar edildi.

Britan maliýe žurnalynyň çarşenbe güni ýaýradan metbugat habaryna görä, banky döwrebaplaşdyrmak babatynda durmuşa geçirilen ençeme çäreler onuň “Ýylyň Banky” atly baýragy bilen sylaglanmagyna uly goşant goşdy.

Bankyň 2019-njy ýylda arassa girdejisi 150%-e barabar bolup, 1-nji derejeli maýasy 112% ýokarlandy. Şeýle hem ýerine ýetirilmedik karz gatnaşygy 1,2% -e deň boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ygtybarly işewürlik modelini döretmek maksady bilen, TDDYIB-y BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen amallaryny sanlaşdyrmak we dolandyryş tejribesini kämilleşdirmek ugrunda iş alyp bardy. Bankomat we töleg nokatlarynyň sany artdyryldy we häzirki zaman serwerleri goşuldy.

Bank müşderilerine “Owerdraft” kredit karty we  karzy almak üçin ýüztutmany onlaýn görnüşinde doldurmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçilikleri ýaly täze hyzmatlary hödürledi. Şeýle hem bank, milli töleg ulgamyny galtaşyksyz töleg tehnologiýasy ýaly halkara töleg ulgamlaryna laýyk getirjek “Milli Visa” bank kartyny girizdi.

Bankyň meýilnamalaryna laýyklykda, kiçi we orta telekeçilere maliýe goldawyny bermek maksady bilen häzirki wagtda Aziýa ösüş banky we Yslam ösüş banky bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde oňyn täsirini ýetirýär diýip, beýanatda bellenilýär.

“The Banker” žurnaly “The Financial Times Ltd.”-iň eýeçiligindäki iňlis dilinde aýda bir gezek çap edilýän halkara maliýe işleri boýunça neşirdir. Ilkinji gezek 1926-njy ýylyň ýanwar aýynda çap edilen žurnal 180-den gowrak ýurtda meşhur.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022