Türkmenistanda täze iri tehnologiki kärhanalaryň döredilmegi meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda täze iri tehnologiki kärhanalaryň döredilmegi meýilleşdirilýär
Kompýuterler tehniki häsiýetleri boýunça dünýä ölçeglerine gabat gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda täze ýokary öndürijilikli we innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, öz-özüni maliýeleşdirmäge, birnäçe pudaklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meselelerini çözmäge ukyply iri tehnologiýa kompaniýalaryň we firmalaryň döredilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýer Çary Gylyjowa degişli tabşyryklary berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisiň dowamynda Ç.Gylyjow özüniň gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň birinji synp okuwçylary üçin kompýuterleri öndürendigini belledi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, kompýuterler tehniki häsiýetleri boýunça dünýä ölçeglerine gabat gelýär. Onda bar bolan programmalar türkmen, rus we iňlis dillerinde birnäçe okuw maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Mämmetmyrat Geldinyýazowa birinji synp okuwçylaryna täze kompýuterleri Täze ýyl sowgady hökmünde dabaraly ýagdaýda gowşurmagy guramagy tabşyrdy.

2022