YHÖG bilen Türkmenistan telekeçilik gurşawyny kämilleşdirmegi maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
YHÖG bilen Türkmenistan telekeçilik gurşawyny kämilleşdirmegi maslahatlaşdy
Taraplar ýurdumyzda telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmek bilen bagly dürli meseleler babatynda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde anna güni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG) bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi.

Ministrligiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, gepleşigiň barşynda YHÖG-niň «Merkezi Aziýa döwletlerinde işewürligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmek» atly taslamasynyň netijeleri boýunça kiçi we orta telekeçiligiň işinde hem-de kärhanalary bellige almakda hukuk düzgünleşdirilişini kämilleşdirmekde we netijeligini üpjün etmekde Türkmenistanyň Hökümetiniň mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, halkara bilermenler Polşa we Gruziýa ýaly ýurtlarda bu ugurda gazanylan netijeler we tejribeler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Taraplar ýurdumyzda telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmek bilen bagly dürli meseleler babatynda pikir alyşdylar.

Merkezi edarasy Pariž şäherinde ýerleşýän YHÖG 1948-nji ýylda esaslandyrylyp, oňa häzirki wagtda 37 ýurt agza boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022