Türkmenistanyň Merkezi banky täze banknotlary dolanyşyga girizdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Merkezi banky täze banknotlary dolanyşyga girizdi
Täze banknotlaryň ählisiniň ýüz tarapynda şekillendirilen “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylynyň nyşany älemgoşar çap ediş usulynda ýerine ýetirilendir.

Türkmenistanyň Merkezi banky 2020-nji ýylyň dekabr aýynda Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manatlyk banknotlaryň täze modifirlenen nusgalaryny dolanyşyga goýberdi.

TDH-nyň sişenbe güni habar berşi ýaly, üýtgedilen banknotlaryň arka tarapynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Konstitusiýa binasynyň şekilleri we 2014-nji ýylyň banknotlarynda şekillendirilen binalar ýerleşdirilendir. Bu üýtgetmeler banknotlaryň gorag alamatlaryny güýçlendirmek we goragyň görüp bolýan elementlerini kämilleşdirmek maksady bilen girizildi.

Täze banknotlaryň ählisiniň ýüz tarapynda şekillendirilen “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylynyň nyşany älemgoşar çap ediş usulynda ýerine ýetirilendir. Banknotlaryň ýüz tarapynda onuň çykarylan senesi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilýesi ýerleşdirlendir.

Türkmenistanyň çäginde bu banknotlar eýeçiligiň görnüşine we alyp barýan iş ugruna garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji we 2017-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde güýjüni saklaýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň Merkezi banky Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy.

Täze şaýy pullaryň ýüz tarapynyň merkezinde dogup gelýän günüň şöhleleriniň arasynda “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylynyň baş nyşany şekillendirildi. Onuň ýokarsynda ýarym aýlaw görnüşinde “TÜRKMENISTAN - BITARAPLYGYŇ MEKANY” diýen ýazgy, aşaky böleginde “1995 - 2020” sanlar ýerleşdirildi.

Au 916,7 altyn şaýy pulunyň agramy 39,94 grama, Ag 925 kümüş şaýy pulunyň agramy bolsa 28,8 grama deňdir hem-de diametri 38,61 millimetrdir.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda täze şaýy pullary Singapuryň dünýä belli döwlet ordenlerini, sylaglary we medallary döretmekde ýöriteleşdirilen “Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy.

2022