Türkmenistanda eksport edijileriň goldaw merkezini döretmek göz öňünde tutulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda eksport edijileriň goldaw merkezini döretmek göz öňünde tutulýar
Döwlet Baştutanymyz hususy önüm öndürijileriň eksporta niýetlenen harytlaryny daşarky bazarlara çykarmakda olara goldaw berilmelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynyň dowamynda eksport edijileriň goldaw merkezi hem-de kiçi we orta telekeçilere goldaw bermegiň merkezi ýaly guramalary jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy, bu ugurda daşary ýurtlaryň oňyn tejribelerini öwrenmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň söwda toplumynda işleriň häzirki ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran ilkinji nobatdaky wezipelere bagyşlanan iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hususy telekeçileriň senagat ugurly iri taslamalary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek boýunça taslamalary işjeň amala aşyrmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hususy önüm öndürijileriň eksporta niýetlenen harytlaryny daşarky bazarlara çykarmakda hem-de dünýä bazarlarynda öz orunlaryny pugtalandyrmakda marketing, hukuk we maslahat beriş hyzmatlary arkaly olara goldaw berilmelidigini nygtady.

Şeýle hem Milli Liderimiz ýerli harytlaryň internet söwdasy arkaly satylyşynyň artdyrylmalydygyny, olaryň ýerlenilýän elektron söwda meýdançasyny döredilmelidigini we halkara derejede mahabatlandyrmak işiniň güýçlendirilmelidigini belläp, bu babatda iş maslahatyna gatnaşyjylara birnäçe görkezmeleri berdi.

2022