Tagtabazarly daýhanlar 4 tonna limon hasylyny almagy meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Tagtabazarly daýhanlar 4 tonna limon hasylyny almagy meýilleşdirýärler
Ýyladyşhanada ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan limonyň “Daşkent-1” görnüşiniň 110 düýbi ýetişdirilýär.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň “Pendi” daýhan birleşiginiň daýhanlary ýyladyşhanadan şu ýyl 4 tonna limon hasylyny almagy meýilleşdirýärler.

“Maru-şahu jahan” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, ýyladyşhanada ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan limonyň “Daşkent-1” görnüşiniň 110 düýbi ýetişdirilýär. Agaçlaryň boýy 3 metre ýetýär.

“Pendi” daýhan birleşiginiň daýhanlary 1996-njy ýylda gurulan ýyladyşhanada 20 ýyldan gowrak wagt bäri limon ýetişdirip, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmäge öz goşantlaryny goşýarlar.

Mundan başga-da, daýhan birleşiginiň babadaýhanlary ýylda pagtanyň, bugdaýyň, bag-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirýärler.

Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy meýdany 356 gektara barabar bolan 100-den gowrak hususy ýyladyşhanalar hereket edýär. Geljek ýylda ýene-de umumy meýdany 1300 gektara barabar bolan 150-ä golaý sanly ulgam esasynda dolandyrylýan ýyladyşhana toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär.