Türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde penşenbe güni “Ojar Aziýa” edara-söwda binasynyň açylyş dabarasy geçdi. Bu barada TDH habar berýär.
“Ojar Aziýa” kärhanasynyň üç gatly täze binasy paýtagtymyzyň demirgazygynda, Andalyp we G.Gulyýew köçeleriniň kesişýän ýerinde gurlandyr.
“Ojar Aziýanyň” söwda dükanlary bolan täze edara binasy üçin 1,15 gektar meýdan bölünip berildi. Onuň ýerzemin bölegi dükan hem-de ammar jaýlary üçin berildi. Binanyň birinji we ikinji gatyndaky söwda zallary senagat harytlaryny, şol sanda gurluşyk serişdelerini, awtomobil şaýlaryny satmak üçin niýetlenendir. Üçünji gatda edara otaglary guruldy.
Mundan başga-da, şol güni Aşgabat şäheriň Büzmeýin etrabynyň çäginde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si, 2 gatly kottej jaýlarynyň 9-sy, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep we köpugurly söwda merkezi gurlup ulanmaga berildi.
2008-nji ýylda döredilen hem-de Türkmenistanyň gurluşyk senagatynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Ojar Aziýa” kärhanasynyň hasabynda Aşgabat şäherinde hem-de sebitlerde amala aşyrylan iri taslamalaryň ýüzlerçesi bar. Olaryň agramly bölegi ýaşaýyş jaýlarynyň paýyna düşýär.