Türkmenistanda himiýa senagat önümçiligi artdyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda himiýa senagat önümçiligi artdyrylýar
Esasy ösüş azot dökünleriniň paýyna düşüp, olaryň önümçiliginde ýanwar-oktýabr aýlarynda 49,3% ösüş gazanyldy.

“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda önümleriň öndürilişini hem-de eksport mukdaryny ýokarlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, “ORIENT.tm” penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly öndürilen önümleriň mukdary geçen ýylyň 10 aýy bilen deňeşdirilende 57,8% artdyryldy. Döwlet tarapyndan öndürilen harytlaryň içerki we daşarky bazarlara iberilmegi 62,3% ýokarlandy.

Esasy ösüş azot dökünleriniň paýyna düşüp, olaryň önümçiliginde ýanwar-oktýabr aýlarynda 49,3% ösüş gazanyldy. Bu ýokary görkeziji “Garabogazkarbamid” zawodynyň doly kuwwatynda işlemegi bilen baglydyr.

Mundan başga-da, himiýa senagatynyň önümçiliginiň ösüşi türkmen eksportynyň durnukly ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistanda dökün önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 74,6% ýokarlandy.

Ýurdumyzyň günbatarynda ýerleşýän “Garabogazkarbamid” zawody ýylda kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid dökünleri öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhana sebitiň iň iri we döwrebap zawody bolup durýar. Bu gaz-himiýa toplumynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde mineral dökünleriniň iň iri öndürijisine we eksportýoryna öwrülmegine mümkinçilik döretdi.

2022