Türkmenistanyň gaýtadan işlenen nebit-gaz önümlerine isleg artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň gaýtadan işlenen nebit-gaz önümlerine isleg artýar
Daşary ýurt puluna awtobenzini, garnuwly parafini, uçar we yşyklandyryş kerosinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, polietileni we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 48 million 273 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Panamadan, Maltadan, Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, garnuwly parafini, uçar we yşyklandyryş kerosinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, Russiýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri polietileni we suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” döwlet konserni) satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň telekeçileri daşary ýurt puluna, boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplük matalary we el halylary satyn aldylar.

Manat serişdelerine Şotlandiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Wirgin adalarynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri reňksiz list aýnany, tekiz boýalan we tüýjümek önümleri, nah matalary hem ýüplükleri, buýan kökini satyn aldylar.

Russiýadan, BAE-dan, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Pakistandan, Gazagystandan gelen işewürler bahasy 16 million 799 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 21 million manatlykdan gowrak polipropilen we el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 126-sy hasaba alyndy.

2022