Türkmenistan we ABŞ işewürlik geňeşmeleri geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ABŞ işewürlik geňeşmeleri geçirýär
Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurlygy nygtaldy.

“Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi çarşenbe güni onlaýn görnüşinde geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, mejlise Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Jonatan Henik, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart hem-de “John Deere”, “Case New Holland”, “Westport Trading Ltd.”, “Caterpillar”, “Oxbow”, “S2Global”, “Visa”, “Boeing” we beýleki amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurlygy barada aýdylyp, maýa goýum, tehnologiýa we maliýe ugurlarynyň onda ýörite orun eýeleýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Türkmenistanyň Birleşen Ştatlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdi. Ol köp ýylyň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna goşan oňyn goşandy barada belläp geçdi.

Mejlisiň çäklerinde amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, oba hojalyk we bank ulgamynyň ýolbaşçylary bilen aýratyn onlaýn gepleşikleri geçirdi.

Geňeşiň mejlisleri her ýyl Aşgabat şäherinde ýa-da ABŞ-nyň şäherlerinde geçirilýär. Işewürlik geňeşi birnäçe gezek iri işewürlik maslahatlaryň we sergileriň gurnaýjysy bolup çykyş etdi. Olaryň dowamynda abraýly amerikan öndürijileriniň önümleri, şol sanda amerikan kompaniýalarynyň türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk boýunça meýilnamalary görkezildi. Ilkinji ýyllarda bu maslahatlara 60-a golaý amerikan kompaniýalary gatnaşypdy. Soňky tapgyrlarda bolsa bu çärelere 100-den gowrak amerikan telekeçilik düzümleri gatnaşdy.