Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeleriň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berişi ýaly, Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. ABŞ-nyň wekiliýetine Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Den Nigriýa ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine seredip geçdiler hem-de ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.
Taraplar ABŞ-nyň Halkara ösüş baradaky agentliginiň (USAID) ähmiýeti, şol sanda onuň milli derejedäki hem-de ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky “С5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekdäki orny barada gürrüň etdiler. Şeýle hem ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) wajyplygy hakynda bellenip geçildi.
Mejlisiň dowamynda sebit we halkara ähmiýetli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Gündogar–Günbatar» we «Günorta–Demirgazyk» ugurlar boýunça Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykýan sebitara ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi, şeýle-de Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy we beýleki ikitaraplaýyn bähbitli taslamalar mümkin bolan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Syýasy geňeşmeleri jemlemek bilen, taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş dinamikasyna kanagatlanma bildirdiler we ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga, ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belläp geçdiler.