Türkmenistanyň Söwda ulgamynyň döwlet kärhanalaryny tapgyrlaýyn AGPJ-ne öwürmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Söwda ulgamynyň döwlet kärhanalaryny tapgyrlaýyn AGPJ-ne öwürmek meýilleşdirilýär
Birinji tapgyrda kärhanalaryň özüniň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýly gatnaşmagynda 20 desgany döwrebaplaşdyrmak hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny tapgyrlaýyn paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek barada hasabat berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, wise-premýer häzirki wagtda ministrligiň garamagynda jemi 157 kärhananyň bardygyny, olaryň iş ugurlarynyň, esasan, lomaý söwda hem-de ammarlarda sarp ediş gorlaryny saklamakdan, bölek söwda we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryny amala aşyrmakdan, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekden hem-de halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekden ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň Hökümetiň mejlisinde ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawy seljerildi. Birinji tapgyrda kärhanalaryň özüniň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýly gatnaşmagynda 20 desgany döwrebaplaşdyrmak hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň öňünde dürli önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmak, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmagyň esasynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli harytlary hem-de azyk önümlerini öndürmek boýunça ýokary tehnologiýaly gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky gaýragoýulmasyz wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

2022