Minnihanow: “Tatneft”-iň taslamasy Türkmenistanda nebitiň önümçiligini artdyrmaga mümkinçilik berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Minnihanow: “Tatneft”-iň taslamasy Türkmenistanda nebitiň önümçiligini artdyrmaga mümkinçilik berer
“Tatneft” kompaniýasynyň paýnamalarynyň 36%-den gowragy Tatarstan Respublikasyna degişlidir.

“Türkmennebit” Döwlet konserni bilen bilelikde Türkmenistanda “Tatneft”-iň durmuşa geçirýän taslamasynyň giňeldilmegi 770 müň tonnadan gowrak nebiti goşmaça gazyp almaga mümkinçilik berer. Bu barada Tatarstanyň prezidenti Rustam Minnihanow TASS habar agentligine beren interwýusynda aýtdy.

“Häzirki wagtda “Tatneft” Türkmenistanda nebiti gazyp almaga gönükdirilen hyzmat şertnamasyny durmuşa geçirýär. “Türkmennebit” Döwlet konserniniň 2 sany nebit kärhanalarynda çäreler toplumynyň geçirilmegi 280 müň tonnadan gowrak nebiti gazyp almaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda türkmen we tatar nebitçileri tarapyndan goşmaça nebit ýataklarynda işleri geçirmek arkaly “Tatneft” Jemagat paýdarlar jemgyýetçiliginiň we “Türkmennebit” Döwlet konserniniň arasyndaky şertnamany mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary işlenip düzüldi. Taslamanyň geriminiň giňeldilmegi 770 müň tonnadan gowrak nebiti goşmaça gazyp almaga mümkinçilik berer” diýip, Minnihanow belledi.

“Tatneft” esasy paýdary – Tatarstan Respublikasy bolup, oňa kompaniýanyň paýnamalarynyň 36%-den gowragy degişlidir.

Dekabryň başynda “Tatneft” bilen “Türkmennebit” Döwlet konserni Goturdepe nebitgaz ýatagynyň nebit guýylarynyň çykymyny ýokarlandyrmak boýunça işleri 2028-nji ýyla çenli dowam etmek hakynda goşmaça ylalaşyga gol çekdiler.

“Tatneft”-iň şahamçasy 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda hasaba alyndy. Şahamçanyň esasy iş ugry guýulary düýpli abatlamakdan, howdanlara basyş boýunça hyzmat ediş ulgamyny guramakdan we nebit desgalarynda awtomatlaşdyryş ulgamlaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

2022