Türkmenistanyň döwlet biržasy resminamalary onlaýn görnüşinde kabul edip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň döwlet biržasy resminamalary onlaýn görnüşinde kabul edip başlady
Şertnamalaryň taslamalary degişli bölümler tarapyndan seredilip, berilen bellikler ugradyjynyň elektron poçtasyna yzyna gaýtarylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇMB) tabşyrylýan şertnamalary deslapdan ylalaşmak üçin resminamalary elektron görnüşinde kabul edip başlady. Bu barada TDHÇMB-nyň saýtynda habar berilýär.

Biržanyň işinde sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen, resminama dolanşygyny elektron görnüşine geçirilýändigi sebäpli TDHÇMB-sy tabşyrylýan şertnamalary deslapdan ylalaşmak üçin resminamalary WORD görnüşinde aşakdaky görkezilen elektron salgylaryna ibermegi haýyş edýär:

  • Maliýe gözegçilik bölümi boýunça - maliye_gozegcilik@exchange.gov.tm;
  • Hasaba alyş bölümi boýunça - hasaba_alys@exchange.gov.tm;
  • Baha seljeriş we bazary öwreniş bölümi boýunça - baha_seljeris@exchange.gov.tm.

Şertnamalaryň taslamalary degişli bölümler tarapyndan seredilip, berilen bellikler ugradyjynyň elektron poçtasyna yzyna gaýtarylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin strategiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça işler alnyp barylýar.