Türkmenistanyň gaýtadan işlenen nebit önümlerine isleg artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň gaýtadan işlenen nebit önümlerine isleg artýar
Daşary ýurt puluna BAE-niň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 22 million 929 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýanyň, BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, suwuklandyrylan gazy we awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ownuk däneli hlorly kaliý Russiýanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Kataryň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi satyn aldylar.

Manat serişdelerine Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Kataryň, Hindistanyň, Gazagystanyň we Ermenistanyň işewürleri umumy bahasy 38 million 903 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 47 million manatlykdan gowrak polipropileni, el halylary we plastik önümleri satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 119-sy hasaba alyndy.