Türkmenistan uly möçberde elektrik energiýasyny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan uly möçberde elektrik energiýasyny eksport etdi
Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasynyň esasy satyn alyjylary Owganystan, Eýran we Özbegistan döwletleridir.

Türkmenistan 2019-njy ýylyň dokuz aýynyň degişli döwri bilen deňeşdirilende elektrik energiýasynyň eksport möçberleriniň söwdasyny 2,4 esse, fiziki möçberini bolsa 2,1 esse artdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, “ORIENT.tm” habar berdi.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasynyň esasy satyn alyjylary Owganystan, Eýran we Özbegistan döwletleridir. Geljekde goňşy Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky kärhanalar elektrik energiýasyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 40,3% artdyrdylar.

Şu ýylyň başynda Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren Çarymyrat Purçekow Türkmenistanyň Energetika ministri wezipesine bellendi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony ministr wezipesine belläp, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň we eksportynyň mukdaryny artdyrmagyň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň gurulmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Senagaty ösdürmek meýilnamasyna laýyklykda, 2024-nji ýyla çenli Türkmenistanda elektrik energiýa önümçiliginiň ýyllyk öndürijilik kuwwaty 33 mlrd. KWt sagada ýeter. Bu maksada ýetmek üçin bar bolan önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylýar. 2018-nji ýylda ýurtda ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasy açyldy.

2022