Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde penşenbe güni Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu bilen iş duşuşygy geçirildi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, duşuşyga “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, döwlete degişli däl ulgamdaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hususy maliýe edaralary, kiçi kärhanalary, ýurdumyzyň orta we iri kompaniýalary üçin maýa goýumlary bölüp bermegiň hem-de maslahat hyzmatlaryny hödürlemegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilhanasynyň baştutany türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlykdan kanagatlanma bildirip, ÝTÖB-iň maliýe hem-de maslahat beriş hyzmatlary arkaly telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek maksady bilen, ýurdumyzyň hususy pudagy bilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirjekdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän halk hojalyk toplumyndaky, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça düýpli özgertmeler bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada pikir alşyldy.