“Galkynyşnebit” “gara altynyň” gazylyp alynyşyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Galkynyşnebit” “gara altynyň” gazylyp alynyşyny artdyrýar
Häzirki wagtda Dagajyk meýdançasynda ýerleşen guýynyň gündelik öndürijiligi 25 tonna barabardyr.

“Türkmennebit” DK-nyň “Galkynyşnebit” nebit we gaz çykarmak boýunça müdirliginiň hünärmenleri 2020-nji ýylyň 11 aýynda hereket edýän guýulardan “gara altyny” 44 müň 410 tonna öndürip, bu baradaky meýilnamany 116,5 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazeti penşenbe güni habar berdi.

Şeýle-de, Dagajyk meýdançasynda ýerleşen, öndürijiligi pes bolan № 636 guýuda onuň debitini artdyrmak boýunça çäreleriň birnäçesini durmuşa geçirildi. Netijede goşmaça nebit akymy alyndy. Häzirki wagtda guýynyň gündelik öndürijiligi 25 tonna barabardyr.

Mundan başga-da, şu ýylyň başyndan bäri, gury ýerlerde ýerleşen birnäçe guýuda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Guýulary işläp taýýarlamak işi 1200-1270 m taslama çuňlugynda amala aşyrylýar. Şeýle hem nebit öndürijiligini artdyrmak maksady bilen pes öndürijilikli guýularyň çäklerinde 50-100 kub metr möçberli rezerwuarlar oturdyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserni häzirki wagtda nebit känleriniň ulanylyşynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze känleri gözlemek we derňemek, olary özleşdirmek we çykarylýan çig malyň möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.

 
2022