Türkmenistanyň Gymmat bahaly daşlar gaznasynyň internet web-saýty dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Gymmat bahaly daşlar gaznasynyň internet web-saýty dörediler
Internet sahypada öndürilýän milli şaý-sepleriň, nyşanlaryň, ýadygärlik sowgatlaryň we beýleki önümleriň görnüşleri barada maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer Gadyrgeli Müşşikow häzirki wagtda Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň Internet web-saýtynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça degişli işler alnyp barylýandygy barada habar berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, onuň sahypalarynda degişli habarlar, gaznanyň esasy iş ugurlary, garamagyndaky dükanlaryň salgysy, öndürilýän milli şaý-sepleriň, nyşanlaryň, ýadygärlik sowgatlaryň we beýleki önümleriň görnüşleri, daşary ýurt pullarynyň alyş-çalyş hümmeti barada maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Bu saýtda müşderilere menzilara hyzmatlaryny hödürlemek, şol sanda öndürilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly tölegleri kabul etmek meýilleşdirilýär.

Täze saýtyň işe girizilmegi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmäge we nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer.

2022