Aşgabatda çagalar üçin oýnawaçlary öndürýän kärhana açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda çagalar üçin oýnawaçlary öndürýän kärhana açylar
Birinji tapgyrda Aşgabat şäherinde ýumşak oýnawaçlary öndürmek boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyryljak kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda çagalar üçin oýnawaçlary öndürýän kärhanany döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, birinji tapgyrda Aşgabat şäherinde ýumşak oýnawaçlary öndürmek boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyryljak kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde, dünýä tejribesini öwrenmek hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler dowam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň öndürýän önümlerini artdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary kemala getirmek, ýerli çig-mal serişdelerini netijeli ulanmagyň esasynda dürli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek babatda kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz türkmen dizaýnerleriniň içerki bazarlaryň isleglerini öwrenip, ilatyň isleglerinden ugur alyp, dürli harytlary, şol sanda oýnawaçlary öndürýän täze kärhanalaryň önümçiligini işläp düzmelidiklerini we işe girizmelidiklerini belläp, wise-premýere bu babatda tabşyryklary berdi.