TNGIZT-de iki sany elektrik bekediniň durky täzelener

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT-de iki sany elektrik bekediniň durky täzelener
Bu taslama energiýanyň kuwwatyny peseltmäge hem-de onuň sarp edijilere iberilmegi üçin niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek hakynda” Kararyň taslamasyna gol çekdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda wise-premýer Myratgeldi Meredow bu taslamanyň energiýanyň kuwwatyny peseltmäge hem-de onuň sarp edijilere iberilmegi üçin niýetlenendigini belledi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna zawodlar toplumynyň 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek barada Konsorsiumyň düzümine girýän Hytaý Halk Respublikasynyň (Gonkong) “INVEST Enterprises Limited” kompaniýasy we “Azap” hususy kärhanasy bilen şertnamany, işleri 18 aýyň dowamynda tamamlamak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, şol sanda Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak bilen baglylykda, geljegi has uly pudaklarynyň biri bolan nebithimiýa senagatyny has-da döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz toplumyň kärhanalaryny tehniki taýdan mundan beýläk-de gaýtadan enjamlaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň düýpli, galyndysyz gaýtadan işlenilmegini üpjün edýän netijeli tehnologiýalary, nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmegiň innowasion usullaryny ornaşdyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketleri girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022