“Buýan” obasenagat toplumy 17,5 müň tonna buýan köküni ýygnady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Buýan” obasenagat toplumy 17,5 müň tonna buýan köküni ýygnady
Buýan köki, şeýle-de onuň goýy we guradylan ekstraktlary daşary ýurtlarda uly islege eýedir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Buýan” obasenagat toplumy şu ýyl 17 müň 500 tonna golaý çyg görnüşdäki buýan köküni ýygnady. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti sişenbe güni habar berýär.

Toplanan köküň gury agramdaky mukdary 7 müň tonna barabar bolup, kesilen we gyýkymlanyp dogralan buýan köküniň jemi 3 müň tonna golaýy taýýarlanyldy. Şeýle hem köküň goýy we gury ekstraktynyň 1 müň 300 tonnasy taýýar edildi.

Toplumyň direktory Meret Baýramowyň aýtmagyna görä, buýan köki topluma degişli bolan toparlaryň 10-sy tarapyndan Köýtendag sebitlerinden Darganata çenli aralykda ýygylýar. Ýygnalan kök Amyderýanyň içi bilen hereket edýän ýük ulaglary arkaly topluma getirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, buýan köküni baglamak işi toplumyň ýörite bölüminde ýerine ýetirilýär. Çyglylygy 33-38% bolan goýy hem-de çyglylygy 3-8% bolan gury ekstraktlaryň önümçiligi hem döwrebap usullar bilen alnyp barylýar.

Buýan köki, şeýle-de onuň goýy we guradylan ekstraktlary daşary ýurtlarda uly islege eýedir. Häzirki wagtda buýan köki Hytaýa, Russiýa, ABŞ, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Hindistana, Serbiýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Koreýa Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport edilýär.

2022