Serdar etrabynda 19,5 müň tonnadan gowrak bugdaý gaýtadan işlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar etrabynda 19,5 müň tonnadan gowrak bugdaý gaýtadan işlenildi
Degirmenler toplumyň kuwwaty ýylda 20 müň 950 tonna un öndürmäge niýetlenendir.

“Balkangallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Sarp obasyndaky häzirki zaman degirmenler toplumy 2020-nji ýyl boýunça 19 müň 593 tonna golaý bugdaýy gaýtadan işledi. Bu barada “Neýtralny Turkmenistan” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Mundan başga-da, häzirki zaman degirmende kepek galyndylaryndan 5 müň tonnadan gowrak haýwan iýmleri öndürildi.

Göwrümi 50 müň tonna däne saklaýan elewatorly degirmenler toplumyň kuwwaty ýylda 20 müň 950 tonna un öndürmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Balkangallaönümleri” önümçilik birleşigine degişli kärhana 2014-nji ýylda ulanylmaga berildi.

2022