800 kilogramdan gowrak agramly öküz Lebapda

BIZNES TÜRKMENISTAN
800 kilogramdan gowrak agramly öküz Lebapda
Mişa atly öküz meşhur nemes “Golşteýn" tohumyna degişlidir.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýerleşýän “Senemjan” daýhan hojalygynyň maldarçylyk fermasynda agramy 850 kilogram töweregi bolan öküz hasaba alyndy.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, Mişa atly öküz meşhur nemes “Golşteýn" tohumyna degişlidir. Bu tohumyň sygyrlary süýdüň ýokary sagymlygy we ýagy bilen aýratyn tapawutlanýarlar.   

Daýhan hojalygy sygyrlaryň baş sanyny yzygiderli artdyryp, şertnama laýyklykda olardan alnan süýt Türkmenabatdaky süýt zawodyna ugradylýar.

Türkmenistan maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny, et we süýt önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak we pudagyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak boýunça uly gerimli işleri alyp barýar. Häzir ýurdumyzda 122 sany maldarçylyk toplumlary hereket edýär, ýene-de täze 90-sy gurulýar.

2022