Türkmenistan we Bütindünýä banky durmuşa geçirilýän taslamalary maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Bütindünýä banky  durmuşa geçirilýän taslamalary maslahatlaşdylar
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde penşenbe güni ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Bütindünýä bankynyň maliýeleşdirmek boýunça maksatnamasynyň çäklerinde uzakmöhletleýin ýeňillikli karz serişdeleri gönükdirilýän taslamalar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Ýurdumyzda daşary ýurtlaryň maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhüm şertidir.

Häzirki wagtda Türkmenistan Bütindünýä banky, Halkara Pul gaznasy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky we beýleki iri maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.