Ruhabat galla önümleri unaşyň we çöregiň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ruhabat galla önümleri unaşyň we çöregiň önümçiligini ýola goýdy
Toplumyň çörek kärhanasy bir gije-gündiziň dowamynda 40 tonna ýokary hilli çörek önümlerini öndürmäge ukyplydyr.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewatorlar bolup, degirmen bölümi 1 ýylda 80 müň tonna uny öndürmäge niýetlenendir.

Watan habarlar gepleşiginiň penşenbe güni habar berşi ýaly, Toplumyň çörek kärhanasy bir gije-gündiziň dowamynda 40 tonna ýokary hilli çörek önümlerini öndürmäge ukyplydyr.

Toplumyň unaş bölüminde bir gije-gündiziň dowamynda 48 tonna unaş önümleri öndürilýär.

Beýleki galla önümleri kärhanalaryndan bu kärhananyň aýratyn tapawutly ýeri, bu ýerde halta öndürýän bölüm bolup, 1 ýylda 18 million sany polipropilen haltasy öndürilýär.

Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda öndürilen çörek we çörek önümleri, unaş önümleri toplumyň golaýynda ýerleşýän Bereketli söwda merkeziniň üsti bilen halkymyza ýetirilýär. Şeýlelikde bu söwda merkezinde çörek we çörek önümleriniň 30-dan gowrak görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.

2022