Daşoguz motor abatlaýyş zawody ätiýaçlyk şaýlarynyň görnüşleriniň sanyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz motor abatlaýyş zawody ätiýaçlyk şaýlarynyň görnüşleriniň sanyny artdyrýar
Geçen ýylda 2 million 958 müň manatlyk önüm öndürilip, 2 million 916 müň manatlyk önüm bolsa sarp edijilere ýetirldi

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Daşoguz motor abatlaýyş zawodynda oba hojalyk pudagynda peýdalanylýan tehnikalaryň iş gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlaryň jemi 23 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada “Daşoguz habarlary” gazeti şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýylda 2 million 958 müň manatlyk önüm öndürilip, 2 million 916 müň manatlyk önüm bolsa sarp edijilere ýetirldi we bu baradaky meýilnama has artygy bilen amala aşyryldy.

Olaryň hatarynda däne kombaýnlary, sürüm traktorlary üçin enjamlar, ýer sürüminde ulanylýan gurallaryň abzallary, gowaçanyň hatarara bejergisine niýetlenen kultiwatorlar, derman pürküjileri üçin ätiýaçlyk şaýlar we beýlekiler bar.

Kärhananyň özünde, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda dürli işlerde örän köp ulanylýan ýokary basyşly kislorodyň 20 müň kubmetrden gowragy öndürilýär we ýörite gaplarda sarp edijilere ugradylýar.

2022