“Guwlyduz” duzuň önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Guwlyduz” duzuň önümçiligini artdyrýar
Geçen ýyl taýýarlanylan nahar duzunyň möçberi 20 müň tonna golaýlady.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki “Guwlyduz” kombinatynda geçen ýyl gazylyp alnan duzuň möçberi 94,6 müň tonnadan geçip, meýilnama 102 % golaý ýerine ýetirildi.

“Türkmenistan” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, şonuň 84,1 müň tonnadan gowragy däneli duzlardyr. Geçen ýyl taýýarlanylan nahar duzunyň möçberi 20 müň tonna golaýlady.

Hazar deňziniň demirgazyk ýakasyndaky aýlagyň kenarynda ýerleşýän, ýurduň himiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan bu kombinatda gazylyp alynýan duzuň möçberleri sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Kärhananyň taýýarlan tehniki duzlary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda harytlyk görnüşine getirilýän nebit önümleriniň düzümini dünýä hil ülňülerine laýyk derejede arassalamakda, dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda, ýyladyş ulgamynyň işini kadaly ýola goýmakda we beýleki köp sanly ugurlarda giňden peýdalanylýar.

“Guwlyduz” kärhanasy duz çykarmakda Merkezi Aziýa sebitinde birinji, dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.

 
2022