“Lebapetönümleri” 60 tonnadan gowrak et önümlerini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapetönümleri” 60 tonnadan gowrak et önümlerini öndürdi
Häzirki wagtda sarp edijilere şöhlat önümleriniň 18 görnüşi hödürlenilýär.

Türkmenabat şäherindäki “Lebapetönümleri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda geçen ýylyň dowamynda 60 tonna 580 kilogram et we et önümleri öndürildi. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Kärhananyň baş hasapçysy Atajan Jumabaýewiň aýtmagyna görä, şu ýyl bu görkezijiniň 100 tonna ýetirilmegi meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sarp edijilere şöhlat önümleriniň 18 görnüşi hödürlenilýär. Ýarym kakadylan birinji derejeli “Daşrabat”, “Hazar”, “Aşgabat”, guş etinden taýýarlanylan “Saýatly” şöhlaty, “Köýtendag” şöhlat önümleriniň gaýnadylan görnüşleri, “Sähra” ýaly büzmeçler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Sarp edijilere hödürlenýän önümleri talap edilýän kadalara laýyklykda taýýarlanylýar.

Kärhana welaýat boýunça döwlet we hususy söwda dükanlarynda sowadyjylarynyň 280-sini ýerleşdirdi. Bu bolsa alyjylara önümleri terligine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

 
2022