“Demirýollary” AGPJ ýük gatnawlaryny sanly ulgama geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Demirýollary” AGPJ ýük gatnawlaryny sanly ulgama geçirdi
Täze sanly ulgam demirýollaryň ýük gatnawlaryndan peýdalanýan müşderilere onlaýn usulda ýüztutma arkaly demirýol koduny almaga mümkinçilik berýär.

“Demirýollary” AGPJ özüniň täzelenen ýük gatnawlary ulgamy bilen ýurdumyzyň çäginde hereket edýän we halkara gatnawlar üçin onlaýn hyzmatlaryny ýola goýdy. Bu barada “Demirýollary” AGPJ-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Täze sanly ulgam demirýollaryň ýük gatnawlaryndan peýdalanýan müşderilere onlaýn usulda ýüztutma arkaly demirýol koduny almaga mümkinçilik berýär. Demir ýol kody arkaly girmek mümkin bolan “Şahsy otag” bolsa müşderileriň ýüztutmalary, arzalary, saýlan wagonlary we tölegleri bilen bagly resminamalaryny onlaýn görnüşinde dolandyrmaga ýardam berýär.

Ýurdumyz bilen eksport-import söwda gatnaşyklaryny amala aşyrýan we Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýüklerini geçirýän müşderiler mundan beýläk ýerli şahamça açmazdan we wekil bellemezden ähli ýüztutmalaryny hemde  töleglerini onlaýn görnüşinde amala aşyryp bilerler.

Sanly ulgam söwda, önümçilik, gurluşyk we senagat kärhanalarynyň öňünde goýan wagt we baha bilen bagly meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga şert döreder.

2022