Türkmenabatda 31 million manatdan gowrak nah ýüplük öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabatda 31 million manatdan gowrak  nah ýüplük öndürildi
Türkmen nah ýüplükleri BAE-niň, Türkiýäniň we beýleki daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde 2020-nji ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň 630 manadyň ýerine 31 million 740 müň 394 manatlyk önüm öndürilip, bu meýilnama 115% ýerine ýetirildi.

“Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly,  geçen ýylda ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän nah ýüplükleriniň 80% Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Polşa ýaly döwletlere eksport edildi.

Türkmen nah ýüplükleri BAE-niň, Türkiýäniň we beýleki daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şeýle-de dokma önümleri ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýörgünli harytlaryň biri bolup durýar.

Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi geçen ýylyň dowamynda ýokary hilli nah ýüplükleriniň 3037 tonnasyny öndürdi.