Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde 2020-nji ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň 630 manadyň ýerine 31 million 740 müň 394 manatlyk önüm öndürilip, bu meýilnama 115% ýerine ýetirildi.
“Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, geçen ýylda ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän nah ýüplükleriniň 80% Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Polşa ýaly döwletlere eksport edildi.
Türkmen nah ýüplükleri BAE-niň, Türkiýäniň we beýleki daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şeýle-de dokma önümleri ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýörgünli harytlaryň biri bolup durýar.
Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi geçen ýylyň dowamynda ýokary hilli nah ýüplükleriniň 3037 tonnasyny öndürdi.