Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer Baýramgeldi Öwezow “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmäge ygtyýar almak barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berdi.
“Derýaýollary” paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde paýly gatnaşmakda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem-de “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çykyş ederler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda soňky ýyllarda ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň yklymyň möhüm üstaşyr merkez hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem sebitiň durmuş-ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, onuň ulag-logistika düzümini giňeltmek üçin şertleri üpjün edýär.
Şeýle-de, Döwlet Baştutanymyz döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň ykdysady netijesiniň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam etmelidigini nygtady.