ABŞ-nyň Energetika maglumatlary edarasy (EIA) Brent we WTI nebit görnüşleriniň 2021-nji ýyl üçin ortaça baha çaklamasyny ýokarlandyrdy. Bu barada EIA-nyň geçen duşenbe güni ýaýradan aýlyk energiýa hasabatynda habar berilýär.
Hasabata görä, EIA guramasy 2021-nji ýylda Brent nebitiň bir barreli üçin ortaça bahasynyň 52,70 ABŞ dollaryna we WTI nebitiň bir barrelli üçin ortaça bahasynyň 49,70 ABŞ dollaryna barabar boljakdygyna garaşýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylda nebitiň bahasynyň mundan beýläk hem ýokarlanyp, Brent nebitiniň bir barreliniň ortaça bahasynyň 53,44 ABŞ dollaryna we WTI-niň bir barreliniň ortaça bahasynyň 49,81 ABŞ dollaryna ýetjekdigi çaklanylýar.
Nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy bütindünýäde nebit önümçiliginiň peselmegi netijesinde emele gelýär. OPEC guramasyna agza döwletleriniň 2021-nji ýylda umumy nebit önümçiliginiň her günde 27.2 million barrele barabar boljakdygy çaklanylýar diýip, EIA öz hasabatynda belledi.
Ýanwar aýynda geçirilen OPEC+ mejlisiniň barşynda Saud Arabystany Patyşalygy 2021-nji ýylyň fewral we mart aýlarynda nebit önümçiligini günde bir million barrele çenli azaltmak barada meýletin karar berdi.
“OPEC-iň önümçiligi 2022-nji ýylda günde 1.1 million barrele çenli ýokarlanmagyna garaşylýar” diýip, EIA nygtady.
Şeýle hem EIA geçen ýyl nebit we suwuk ýangyçlaryň bütindünýäde her gün ortaça 92,2 million barrel sarp edilendigi çaklap, bu görkezijiniň 2019-njy ýyldan dokuz million barrel azdygyny belledi. Gurama bütindünýä suwuk ýangyjynyň günlik sarp edilişiniň 2021-nji ýylda 5,6 million barrele we 2022-nji ýylda bolsa 3,3 million barrele çenli ýokarlanmagyna garaşýar.
“Nebite bolan islegiň dikelişi dünýädäki sanjym maksatnamalarynyň netijeliligine baglydyr. Islegiň 2022-nji ýylyň başyna çenli pandemiýadan öňki derejä ýetmegine garaşylmaýar” diýip, EIA belledi.
EIA ABŞ-nyň Energetika departamentinň düzümindäki statistika we seljeriş gullugydyr.