Türkmenistan Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy
Häzirki wagtda “Sputnik V” sanjymy dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlarynda ulanmak üçin tassyklanandyr. (Surat: RIA)

Türkmenistan Merkezi Aziýada “Sputnik V” sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň (GMRG) duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi koronawirusa garşy Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy.

“Hyzmatdaşlarymyz sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler, çünki ol häzirki wagtda koronawirusa garşy göreşmegiň dünýä derejesindäki öňdebaryjy serişdeleriň biri bolup durýar we şol bir wagtda dünýäniň dürli sebitleriniň döwlet häkimiýetleri tarapyndan makullanyldy. Biz adamyň adenowirus wektor ugrunyň içgin öwrenilen platformasynyň esasynda döredilen hem-de degişli barlaglardan geçen “Sputnik V” waksinasy bilen ilata sanjym geçirilmeginiň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almagyň derwaýys elementleriniň biri bolup durýandygyna ynanýarys” diýip, GMRG-nyň baş direktory Kirill Dmitriýew belläp geçdi.

“Sputnik V” sanjymy Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredildi.

Häzirki wagtda “Sputnik V” sanjymy dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlarynda ulanmak üçin tassyklanandyr.

2022