Mary döwlet elektrik stansiýasy (DES) 2020-nji ýylda 11 milliard 713 million 410 müň 859 kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürip, geçen ýyly ýokary netijeler bilen jemlemegi başardy.
“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, stansiýanyň energetikleri gije-gündiziň dowamynda öndürilýän elektrik togunyň möçberini 36 million kilowat sagat töwereginde saklamagyň hötdesinden gelýärler.
Bu bolsa ýurdumyzyň we goňşy döwletleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge yzygiderli şert döredýär.
Mundan başga-da, bu elektrik stansiýasynyň güýjenmesi 220 kW bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamyny tok bilen üpjün etmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Taslamanyň durmuşa geçirilişiniň ilkinji tapgyrynda TOP energiýa köprüsi Owganystanyň Hyrat şäherine çenli çekiler.