Soňky ýyllarda Türkmenistanyň gurluşyk pudagy köp sanly möhüm görkezijilerde ýokary ösüş depginini görkezdi. 2020-nji ýylda bu ugurda has ýokary görkezijiler gazanyldy. Şeýle hem, geçen ýylyň fewral aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi döredildi. Gurluşyk materiallarynyň öndürilmegi we täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulyp ulanylmaga berilmegi ep-esli ýokarlandy.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2008-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli görkezijiler deňeşdirlende, bu döwürde ýurtda sement önümçiligi 89,2% ýokarlandy. Geçen ýyl gurluşyk pudagynda ulanylýan bu önümiň 1 million 940 müň tonnadan gowragy öndürildi.
Türkmenistanda 2008-nji we 2020-nji ýyllar aralygynda diwar materiallarynyň önümçiligi 168,9% ýokarlandy. 2008-nji' ýylda ýurtda 298,9 million adaty kerpiç öndürildi, geçen ýyl onuň önümçiligi 803,9 milliona ýetdi.
Aşgabatda 2016-njy ýylda Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy iň ýokary depginde alnyp barlyp, Türkmenistanda armaturalaryň we profilleriň önümçiligi 92 müň 900 tonna ýetdi. 2018-nji ýyla çenli bu görkeziji 53 müň 94 tonna çenli azaldy, ýöne ondan soňky we 2020-nji ýylda 60 müň tonna ýetdi.
Türkmenistanda 2015-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli boýag önümleriniň ep-esli ýokarlanmagy hasaba alyndy. Onuň önümçiligi 9,6 esse ýokarlanyp, geçen ýyl 28 müň 755 tonna barabar boldy.
Gurluşyk we abatlaýyş işlerinde giňden ulanylýan mastika önümçiliginde uly ösüş depgini hasaba alyndy. Türkmenistanda 2015-nji ýylda bu önümiň 132 tonnasy öndürilip, 2020-nji ýylda bu görkeziji 20 müň 877 tonna ýetdi. Bu ugurda 15 müň 715% ösüş depgini gazanyldy.
Gidroizolýasiýa üçin ulanylýan suw geçirmeýän gury garyndysy bolan izogamyň önümçiliginde hem uly ösüş depgini hasaba alyndy. Türkmenistanda 2015-nji ýylda izogamyň 1 million 286 müň inedördül metri öndürilip, 2020-nji ýylda bu görkeziji 7 million 59 müň inedördül metre ýetdi. Şeýlelikde bu ugurda 448,9% ösüş depgini gazanyldy.
Içerki gurluşyk materiallaryny öndürmekde gazanylan ýokary ösüş depgini ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ep-esli ýokarlanmagyna mümkinçilik berdi. Türkmenistanda 2018-nji ýylda 1 million 134,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurulyp, ulanylmaga berildi. 2020-nji ýylda bu görkeziji 2 million 7,1 müň inedördül metre çenli artdy. Üç ýylda 76,9% ösüş depgini gazanyldy.
Şeýle hem her ýyl ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň hili ep-esli ýokarlanýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda täze ýaşaýyş jaýlaryny dürli sanly ulgamlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy, şonuň netijesinde häzirki wagtda “akylly” ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna yzygiderli hödürlenýär.
Çeşme: “ORIENT.tm”, 21.01.2021 ý.